Hormatly
adamlar!
Eziz watandaşlar!
Biz ýurdumyzda
21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz baýramyny giňden belläp
geçýäris.
Dünýäniň iň
gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde
aýratyn orny eýeleýär. Bu baýram tebigatyň jümle-jahana täzelenişi paýlaýan
bahar paslynda dünýä bileleşigi tarapyndan giňden bellenýär. Asyrlaryň
dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramy biziň
döwrümizde täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylyp, adamzadyň medeni-ruhy
mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi.
Şoňa görä-de,
Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň
taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe
boldy. Halkara Nowruz güni dünýäniň onlarça ýurdunda giňden bellenilip
geçilýär.
Dünýä halklary
bilen birlikde türkmen halky hem baharyň buşlukçysy — Nowruzyň däp-dessurlaryna
durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk,hoşniýetli
goňşuçylyk, tämiz ahlaklylyk,birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin
beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdiripdir. Şonuň
üçin hem, bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny
aňladýan bu baýram nesillerimizde milli buýsanjy artdyrýar, ynsanperwerligiň
belent häsiýetlerini terbiýeleýär.
Bu ajaýyp
halkara baýramynyň köpdürli däp-dessurlary Gündogaryň we Günbataryň
medeniýetleriniň sazlaşykly ösmegine, aýratyn-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda
ýerleşen Türkmenistanyň medeni-taryhy ýadygärlikleriniň, türkmen halkynyň baý
maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmegine düýpli täsirini ýetiripdir.
Türkmen halky
Milli bahar baýramyny mukaddes topragymyza yhlasy we söýgini dabaralandyrýan
zähmetsöýerligiň baýramy hökmünde hem garşy alýar. Şoňa görä-de, güneşli
Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlaryna, sähradyr jülgelerine, bag-bakjalaryna
ýagyş damjalarynyň nur-bereket bolup sepelenýän, tutuş tebigatymyzyň janlanýan
bahar çagynda milli sungat derejesine ýetirilen daýhançylyk we maldarçylyk
kärini mynasyp dowam edýän watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli, gyzgalaňly
döwür başlanýar.
Merdana
halkymyz täze durmuşy alamatlandyrýan Nowruzda bereketli saçaklarymyzyň
elmydama mele-myssyk nandan, ir-iýmişlerden, gök, bakja, ekerançylyk we
maldarçylyk önümlerinden, naz-nygmatlardan dolup durmagyny, sahawatly
topragymyzda öndürilýän hasylyň berekediniň egsilmezligini arzuwlap, täze
hasylyň düýbüni tutýar.
Nowruz
baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar bolsa, türkmen topragynyň
sahawatlylygyny, rysgal-bereketliligini, myhmansöýerligini alamatlandyrýar.
Milli bahar
baýramynda halkymyzyň bagşyçylyk, halyçylyk, atşynaslyk sungatlaryny,
maldarçylyk, bagbançylyk, daýhançylyk bilen bagly däp-dessurlaryny, gadymy
gymmatlyklarymyzy, milli oýunlarymyzy, halk döredijiliginiň dürdäne nusgalaryny
görkezmek bilen, biz milli medeni mirasymyza goýýan sarpamyzyň belentdigini
äleme äşgär edýäris. «Türkmenistan
— Bitaraplygyň mekany» ýylynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň
ýurdumyzda giňden bellenmeginiň çuňňur manysy bar.
Şu ýyl biz
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny halkara derejesinde
giňden belleýäris.Bitaraplygyň esasynda hem agzybirligi, abadançylygy,
asudalygy berkitmek ýaly Nowruz baýramynda ündelýän düşünjeler durýar. Şonuň
üçin hem, biz türkmen Bitaraplygyna halkymyzyň köpasyrlyk taryhy ýolunyň,
dostluga, agzybirlige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan milli ýörelgeleriniň
dabaralanmasy hökmünde baha berýäris.
Milli bahar
baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň jebisleşdiriji güýji, ajaýyp däp-dessurlary
hem-de ýörelgeleri, şeýle hem bu ajaýyp baýram mynasybetli geçiriljek göwün
galkyndyryjy dabaralar mähriban halkymyzy berkarar döwletimiziň mundan
beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge
ruhlandyrýar, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar!
Hormatly
adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi we
mähriban halkymy ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenýän Milli bahar
baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimiziň gülläp
ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.