Biz, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (mundan
beýläk — GDA, Arkalaşyk) gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary Arkalaşygyň we GDA
gatnaşyjy döwletleriň her biriniň ykdysady bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine,
GDA-nyň çäklerinde hem-de beýleki döwletler we halkara guramalar bilen yklym we
yklymara derejelerde ykdysady aragatnaşyklaryň ösüşini kämilleşdirmäge
mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurluşlaryny döretmäge uly ähmiýet
berip,
GDA-da hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň her
birinde ykdysady özara gatnaşyklary emele getirmek we kämilleşdirmek boýunça
bar bolan baý tejribä daýanyp,
halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen we
deňhukukly garaşsyz döwletleriň hyzmatdaşlygyna esaslanýan dünýäde iri
sebitleýin döwletara guramalaryň biri bolmak bilen, täze ählumumy we sebitleýin
töwekgelçilikleri we wehimleri nazara alyp, strategik ykdysady hyzmatdaşlygy
giňeltmek, yklym we yklymara derejelerde täze biçüwleri gözlemek maksadynda GDA
gatnaşyjy döwletleriň tagallalaryny jebisleşdirmäge we birleşdirmäge çalşyp, durnuklylygy
we ykdysady ösüşiň birsyhlylygyny pugtalandyrmagyň, ählumumy parahatçylygyň,
ösüşiň we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň hatyrasyna köptaraplaýyn oňyn
gepleşigi gyşarnyksyz giňeltmek maksatlarynda GDA gatnaşyjy döwletleriň
strategik ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek barada şulary
mälim edýäris.
GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady
hyzmatdaşlygynyň esasynda deň hukukly hyzmatdaşlaryň berk bileleşigi ýatýar, bu
Ýewraziýa giňişliginde durnukly ykdysady ösüşiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu
bileleşik Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzak möhletli we geljegi bolan
ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetiki we ulag-üstaşyr merkezi
bolup durýar.
GDA-ny ösdürmekde we pugtalandyrmakda Arkalaşygyň
çäklerinde hem-de dünýä ykdysadyýetiniň çäklerinde bilelikde iş alyp barmaga
täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, onuň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň
ýagdaýlarynda we hyzmatdaşlygyň täze biçüwlerini gözlemek babatynda öňdebaryjy
gurama derejesini berkitmek möhüm orun tutýar.
GDA gatnaşyjy döwletler giň erkinlik şertlerinde
ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly
ösüş ulgamynda Gün tertibini goldaýarlar we ony işjeň durmuşa geçirýärler.
Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy we GDA-nyň
içinde bileleşigi goşmak bilen, mümkinçilikleriň ähli toplumynyň netijeli
peýdalanylmagy GDA gatnaşyjy döwletleriň öňünde depginli ykdysady ösüşiň we
olaryň dünýä hojalyk ulgamyna täsirini güýçlendirmek babatynda hakyky
mümkinçilikleri açýar.
GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady
hyzmatdaşlygy halkara şertnamalary, GDA gatnaşyjy döwletleriň kanunçylygyny
berjaý etmäge, özara bähbide, deň hukuklylyga we hukuklaryň kemsidilmezligine,
aýdyňlyga, ykdysady netijelilige, serişdeleri tygşytlamaga, ekologiýa howpsuzlygyna
we ýokary tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna esaslanýar.
GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlary şulardan ybaratdyr: Arkalaşygyň
binýatlyk esaslaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak, guramanyň onda iri ulag
we energetika taslamalarynyň amala aşyrylýan, häzirki zaman amatlyklarynyň,
kommunikasiýalaryň, halkara ulag geçelgeleriniň, sebitara we ählumumy
derejelerde logistik merkezleriň döredilýän giňişligi hökmünde dünýä hojalyk
aragatnaşyklaryna goşulyşmagy (GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň goşulyşy
ýaly); onuň esasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň netijeli ösmegi we
durnukly ykdysady ösüşi üpjün ediljek, şol sanda garyplygy aradan aýyrmagy,
işsizlik meseleleriniň çözülmegini üpjün edýän Arkalaşygyň ykdysady kuwwatyny
mundan beýläk hem artdyrmak; GDA-nyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak,
birek-biregiň üstüni ýetirmek we GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny
halklaryň bähbidi üçin netijeli peýdalanmak.
GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygynyň wezipeleri hökmünde şular kesgitlendi:
bilelikde ählumumy we sebitleýin maýa goýum
taslamalaryny we ykdysady çäkleri ösdürmegiň maksatnamalaryny başlamak
arkaly Arkalaşygyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň dünýä hojalyk işlerine
täsirini giňeltmek;
BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly
ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmak üçin hyzmatdaşlygyň GDA gatnaşyjy döwletleriň we üçünji ýurtlaryň
we/ýa-da abraýly halkara guramalaryň ykdysady gyzyklanmalaryna esaslanýan netijeli
gurluşlary döretmek;
strategik ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri emele getirmek, şol bir wagtda ekologiýa
meselelerini çözmek bilen, ählumumy we sebitleýin maýa goýum taslamalary we
ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilende GDA gatnaşyjy döwletleriň
mümkinçiliklerini birleşdirmek;
innowasiýalary we nanotehnologiýalary giňden
ulanmagyň, bar bolan tebigy we ykdysady serişdeleri toplumlaýyn peýdalanmagyň,
kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça tagallalary birleşdirmegiň,
hyzmatdaşlygyň görnüşlerini giňeltmegiň we dünýäniň ykdysady ulgamynyň
çäklerinde hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny saklamagy üpjün etmegiň
hasabyna GDA gatnaşyjy döwletleriň
bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we GDA gatnaşyjy döwletleriň Gündogar — Günbatar
we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan
halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky milli amatlyklaryny (infrastruktura)
mundan beýläk hem ösdürmek;
GDA gatnaşyjy döwletleriň geografik we amatlyklar (infrastruktura) mümkinçiliklerini,
tehniki, tehnologik we üstaşyr geçirmek kuwwatlaryny birleşdirmek;
Arkalaşygyň giňişliginde maliýe durnuklylygyny
üpjün etmek we pugtalandyrmak;
ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, şol sanda ählumumy derejede
pugtalandyrmak, halkara howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlarynda korrupsiýa, jenaýatçylykly ýol
bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň
maliýeleşdirilmegine hem-de beýleki howplara we wehimlere garşy hereket etmek;
globallaşmagyň ýüze çykarýan meselelerini bilelikde çözmekde aňrybaş
netijeliligi gazanmak, globallaşmagyň
artykmaçlyklaryny Arkalaşygyň GDA gatnaşyjy döwletleriň halkara maliýe haryt
bazarlaryndaky orunlaryny pugtalandyrmak üçin peýdalanmak;
sanalyp geçilen wezipeleri durmuşa geçirmek
maksady bilen, Arkalaşygyň çäklerinde degişli halkara resminamalary taýýarlamak
we halkara maýa bazarlarynda onuň abraýyny we ornuny pugtalandyrmak üçin ähli
derejelerde netijeli gepleşik
meýdançasyny üpjün etmek.
Görkezilen maksatlara ýetmek we emele getirilen
wezipeleri çözmek üçin GDA
gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlary şular bolup
durýar:
milli öndürijileriň harytlarynyň GDA gatnaşyjy
döwletleriň bazarlaryna erkin çykarylmagyny üpjün etmek maksady bilen,
özara söwdanyň şertlerini
erkinleşdirmek we ony mundan beýläk hem ösdürmek, hereket edýän
çäklendirmeleri ýatyrmak we olary erkin söwda düzgüninden aýyrmak, şol sanda
çig malyň getirilmegine hem-de taýýar önümleriň çykarylmagyna degişli
çäklendirmeleri ýatyrmak;
kärhanalaryň we tehnologiýa taýdan özara baglanyşykly
önümçilikleriň arasynda bileleşik
önümçilik aragatnaşyklary ösdürmek, tehniki taýdan gaýtadan
enjamlaşdyrmak, innowasiýa tehnologiýalary boýunça döwletara maksatnamalary
işläp taýýarlamak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynda hereket
etmek;
oba hojalyk önümçiligi, ýeňil senagat, gurluşyk
materiallaryny öndürmek, zergärçilik senagaty ýaly ulgamlarda we beýleki
pudaklarda bileleşik taslamalaryny
işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
birinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň
ykdysadyýetini ösdürmäge düýpli täsir edýän ulag, energetika we
telekommunikasiýa ulgamlarynda, bilelikdäki
iri maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, olaryň
durmuşa geçirilmegi üçin, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň ýörite ykdysady
zolaklaryna maýa goýumlaryny çekmek;
energetika (elektroenergiýa
hem uglewodorodlar) bilen halkara üpjünçiligiň
durnukly ulgamlaryny döretmek, GDA giňişliginde hem, ählumumy
energetika bazarlarynda hem özara hereket etmegiň netijeli çyzgytlaryny we
modellerini işläp taýýarlamak;
BMG-niň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
gurluşlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmak;
energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny
ýokarlandyrmak we ýangyç-energetika serişdeleriniň peýdalanyşyny amatly etmek
maksatlarynda energetika ulgamynda
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak;
uglewodorodlary gazyp almak, daşamak we üstaşyr geçirmek babatynda
hyzmatdaşlyk etmek;
dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölekleriniň birinde
— ulag ulgamynda özara hereket
etmegi ösdürmek, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň çäklerinden
geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak;
halkara guramalaryň gatnaşmagynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba
almak bilen, köpugurly we howpsuz halkara ulag amatlyklaryny döretmek; GDA
giňişliginde sebitara aragatnaşygy ösdürmäge hem-de Arkalaşygyň ulag
mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen ulag we amatlyklar ulgamynda GDA
gatnaşyjy döwletler bilen üçünji ýurtlaryň arasyndaky ykdysady we söwda
hyzmatdaşlygyny hil taýdan ýokary derejä çykarmaga, uzak möhletli geljekde
sebitara aragatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge, Ýewraziýa yklymynda täze
geoykdysady giňişligiň arhitekturasynyň binýadyny goýmaga mümkinçilik berýän
iri halkara we sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek;
GDA gatnaşyjy döwletleriň sebitleýin ykdysady komissiýalary, hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady
komissiýasy we Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlary üçin Ykdysady we durmuş
komissiýasy bilen durnukly
ulagy ösdürmek, durnukly ulag arabaglanyşygy we Ýewraziýada halkara ulag
amatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak babatynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek;
GDA gatnaşyjy ähli döwletlerde önümçilik
güýçlerini oýlanyşykly ýerleşdirmek we ilatyň durnukly ykjamlygyny üpjün etmek,
içerki we daşarky halkara syýahatçylygyň möçberlerini artdyrmak, telekeçilik
işini işjeňleşdirmek maksady bilen, Arkalaşygyň
ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek (demir we awtomobil ýollary, howa
we deňiz menzilleri, turbageçirijiler);
halkara ýük daşamalar amala aşyrylanda nyrh syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we milli
derejede fiskal-dolandyryş päsgelçilikleriniň täsirini aradan aýyrmak; daşamalar
ulgamyny kämilleşdirmek; ýükler üstaşyr daşalanda GDA gatnaşyjy döwletleriň
dürli ulag ulgamynyň gurluşlarynyň arasynda, şol sanda deňiz menzilleriniň
arasynda özara hereketiň derejesini ýokarlandyrmak; howa hereketini guramakda
GDA gatnaşyjy döwletleriň milli ulgamlaryny raýat awiasiýasynyň halkara
guramalarynyň kadalary we talaplary bilen sazlaşdyrmak;
iri ulag-logistika merkezlerini döretmek;
maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek;
töleg-hasaplaşyk gatnaşyklary babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem
ösdürmek;
bilelikde bäsleşige ukyply önümleri, şol sanda üçünji ýurtlaryň
bazarlarynda döretmek üçin esas hökmünde ylmy-tehniki we innowasion
hyzmatdaşlygy giňeltmek;
GDA gatnaşyjy döwletleriň bäsleşige ukyplylygyny
ýokarlandyrmak we Arkalaşygyň çäklerinde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek
maksady bilen, sanly
tehnologiýalary, şol sanda emeli intellekti ösdürmek we bilelikde peýdalanmak;
bilim, ylym, saglygy goraýyş, zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş
taýdan goramak, medeniýet, maglumat, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek;
daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça özara hereket etmek;
adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we tebigy betbagtçylyklaryň
netijelerini ýok etmek meseleleri boýunça özara hereket etmek; tebigy we
tehnogen betbagtçylyklaryň öňüni almak we olara garşy hereket etmek boýunça
bilelikde alnyp barylýan işi işjeňleşdirmek;
BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly
ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmak maksady bilen, daşky gurşawy goramak,
howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, bioköpdürlüligi saklap
galmak, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri
çözmek boýunça BMG we beýleki
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak;
sebite degişli bölegi — GDA gatnaşyjy döwletleriň we olaryň sebitleriniň sebitleri we
serhetýaka çäkleri ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek, dostlugy we
hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak meselelerini çözmekde köptaraplaýyn özara
hereketini pugtalandyrmak.
* * *
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň maksatlarynyň
durmuşa geçirilmegi GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň we tutuş Arkalaşygyň
durmuş-ykdysady kuwwatyny has doly peýdalanmaga, olaryň deňhukuklylygyny, özara
bähbitli we toplumlaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, özara ykdysady
aragatnaşyklary durnukly giňeltmäge, milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny
ýokarlandyrmaga, dünýä çökgünlikleri bilen bagly töwekgelçiliklere we howplara
garşy durmaga, ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmagy üpjün etmäge, GDA
gatnaşyjy döwletleriň dünýä ykdysadyýetindäki orunlaryny güýçlendirmäge,
raýatlaryň hal-ýagdaýynyň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etmäge mümkinçilik
berer.
Aşgabat, 2019-njy ýylyň,11-nji oktýabry