Türkmenistan GDA assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar. Bu Türkmenistanyň Bitaraplyk derjesinden gelip çykýan halkara borçlary bilen baglydyr. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan GDA-nyň harby guramalaryna, düzümlerine hem-de çärelerine gatnaşmaýar. Ýurdumyzyň bu başlangyjy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 2005-nji ýylda Kazanda bolan maslahatynda doly makullandy we goldanyldy.
2012-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistan GDA başlyklyk etmek bilen, GDA-nyň agza ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde 15-16-njy maýda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy we 31-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda köpugurly syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu ugurda 2012-nji ýylda ýurdumyzyň Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň hem möhüm ähmiýeti bardyr.
«Milli goşun».