Türkmenistanyň
gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650
müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli
ýerine ýetirdiler.
Şu ýyl
ýurdumyzda 760 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Galla oragynyň gyzgalaňly
möwsüminde dünýäniň meşhur önüm öndürijileri bolan «CLAAS», «John Deere»,
«Case», «New Holland» kompaniýalarynyň galla ýygnaýan kombaýnlarynyň 2 müňe
golaýy işledildi. Bu döwrebap tehnikalar gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz
işläp, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz hem-de çalt ýygnap almaga
ýardam etdi.
Çörek halkymyz tarapyndan ruhy gymmatlyk
hökmünde kabul edilýär. Ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň netijesi hemişe
türkmenistanlylaryň bereketli saçaklarynyň bezegi bolupdy we şeýle bolmagynda
galýar. Munuň özi gün-günden barha kuwwatlanýan eziz Watanymyzyň
abadançylygynyň we rowaçlygyň kepili, gadymy hem-de baky juwan türkmen
topragynyň sahawatlylygynyň egsilmez çeşmesi bolup durýar.