Behişdi bedewlerimize dünýä ýüzünde gyzyklanma
barha ýokarlanýar. Ýakynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary
Bahreýniň Patyşasynyň çakylygy bilen bu ýurduň paýtagty — Manama şäherinde her
ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «MARA'EE — 2019» halkara oba hojalyk sergisiniň
açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
tabşyrygy boýunça, ýörite uçar çapyksuwarlary hem-de ahalteke bedewleriniň
10-syny Manama şäherine getirdi. Bu ýerde Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli
we myhmansöýerlik bilen garşyladylar, atlary we çapyksuwarlary çykyşlara
taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Munuň üçin halkara serginiň açylyş
dabarasynyň geçirilen ýerinde ýörite manež guruldy.
Manežde halkara we bütindünýä festiwallarynyň
ençeme gezek ýeňijisi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary
ýaýbaňlandy.
Dabara tamamlanandan soň, Bahreýniň Patyşasy «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk salamyny ýollady hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda ussat türkmen toparlaryny Manama iberendigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.