milli goshun logo
«Galkan» toparynyň 3-nji ýeňşi
«Galkan» toparynyň 3-nji ýeňşi
17.04.2024 196 Sport

Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň 3-nji gününde 3-nji tapgyryň oýunlary dowam edýär. Ýurdumyzyň hem dünýä döwletleriniň hokkeý toparlary meýdançada hokkeý şaýbasyna ezberlik bilen erk edýärler. Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün – 17-nji aprelde 3-nji tapgyrda «А» toparçada «Galkan» (Türkmenistan) – «Ice Box Iran Mall» (Eýran), «Feniks» (Özbegistan) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn), «В» toparçada «Wolat» (Belarus) – «Akmola» (Gazagystan), «Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa) – «Team-Turkiye» (Türkiýe) hokkeý toparlarynyň duşuşyklary bellenildi.

Günüň birinji ýarymynda «Galkan» hem-de «Ice Box Iran Mall» toparlary duşuşdy. Oýnuň döwlerinde türkmenistanly türgenler goragy hem-de hüjümi deň derejede alyp bardylar. Güýçli taýýarlygy görkezip, janköýerlerde bu günki ýeňşe umyt döretdiler. Eýranlylaryň derwezesinden hokkeý şaýbalarynyň ençemesini geçirip, halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdylar. Gyşky oýunlar sport toplumynda türkmen janköýerleriniň ruhlandyryjy sözleri ýeňşiň dabarasy bilen belende galdy. Netijede, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary halkara ýaryşyň 3-nji gününde 3-nji tapgyrda 3-nji ýeňşi gazanmagy başardylar.

«Galkan» (Türkmenistan) — «Ice Box Iran Mall» (Eýran) – 13:1

1-nji döw – 6:0

2-nji döw – 12:1

3-nji döw – 13:1

Ýeňşiňiz dowamly bolsun, «Galkan» hokkeý topary!