milli goshun logo
«Galkan» ilkinji duşuşykda ýeňiş gazandy
«Galkan» ilkinji duşuşykda ýeňiş gazandy
15.04.2024 140 Sport

Şu gün Aşgabat şäherimizi hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ruhy gurşap aldy. Türkmenistan döwletimiziň sport janköýerleri bolsa, bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän «Galkan» toparyna janköýerlik etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda «А» toparçada ýurdumyzyň «Galkan», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club» hokkeý toparlary ilkinji duşuşyklaryny geçirdiler.

Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary oýnuň ilkinji minutlaryndan başlap, ýeňşe uly ynam döretdiler. Bu halkara ýaryşyna ýokary derejede taýýarlanandyklaryny subut edip, «Bahrain Ice Hockey Club» toparynyň oýunçylaryndan her pursatda üstün çykmagy başardylar. Netijede, ýurdumyzyň milli ýygyndy topary 1-nji döwde 5:0, 2-nji döwde 5:1, 3-nji döwde 8:1 hasap bilen, bu duşuşygy uly ýeňiş bilen tamamlady. Oýnuň dowamynda Begenç Döwletmyradow, Baýmyrat Baýmyradow, Amangeldi Aganyýazow, Döwrangeldi Baýjanow, Döwlet Hydyrow, Arslan Nuryýew dagy türkmen halkymyzyň ynamyny ödäp, hokkeý boýunça halkara ýaryşda döwletimiziň sport abraýyny belende göterdiler.

«Galkan» toparynyň gazanan bu üstünligi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Watan goragçylaryny diýseň buýsandyrdy.

Nobatdaky ýeňşiňiz gutly bolsun, «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri!