milli goshun logo
Gahrymanlar sarpalanýar
Gahrymanlar sarpalanýar
08.05.2025 113 Habarlar

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara giň gerim berilýär. Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanda uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet derejesinde hormat-sarpa goýulýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýanydyr. Muny dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Permany esasynda, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.