Düýn – 29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyna ugrady.
Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, senagat kooperasiýasy ugry boýunça, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, işewür düzümleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçiliklere eýedirler. Hökümetara toparlaryň işi hem anyk netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Türkmenistanyň we Wengriýanyň syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda köptaraplaýyn görnüşde, Birleşen Milletler Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk edýändigini-de aýtmak gerek. Munuň özi ýurtlaryň ikisiniň hem umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.