milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
30.04.2022 1293 Habarlar

29-njy aprelde paýtagtymyzda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ýazan we çapdan çykan «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara: Milli Geňeşiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp filosofik-edebi eseriniň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we pähimleriniň özboluşly jemlenmesi bolandygyny bellediler.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda neşir edilen bu eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalary hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyş eden milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.