22-23-nji aprelde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, ýakyn goňşy
döwletler bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ählumumy
abadançylygyň bähbidine netijeli halkara dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet
berýär.
Dostlukly saparyň ikinji gününde –
23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen
duşuşygy boldy. Bu duşuşyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik, dostluk we
hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge itergi berer.