Düýn – 21-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi. Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine, «Etnoaul» milli medeni toplumyna bardylar. «Etnoaul» milli medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra, «Turkistan Visit Centre» syýahatçylyk-maglumat merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.