Düýn – 6-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we täzeçil usullary ulanmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi hem-de ýol-ulag düzümine degişli desgalary abadanlaşdyrmak boýunça maslahatlaryny berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler hem häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň çäklerinde we oňa barýan ýollaryň ugurlarynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işleriň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda alnyp barylýandygyny bellemek gerek.