milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýusy
Gahryman Arkadagymyzyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýusy
13 sagat öň 16 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar, dürli döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ilerledýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçysy bolan «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksatlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Milli Liderimiziň meşhur teleýaýlymyň žurnalisti bilen söhbetdeş bolmagy dünýä bileleşiginiň ýurdumyza bolan ägirt uly gyzyklanmasynyň, öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

— Siziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyňyzyň esasy maksady nämelerden ybarat?

— Siziň bilen Remezan aýynyň başynda duşuşýandygyma şat. Dünýäde adamlaryň abadan, parahat, asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ilki bilen, bu saparymyzyň ýokary derejede guralandygy, görkezilen myhmansöýerlik we saparyň baý mazmunly maksatnamasy üçin amerikan hyzmatdaşlarymyza minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda däp bolan dostlukly, netijeli, özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ylym, sport ýaly esasy ugurlaryň ählisini diýen ýaly öz içine alýar. Biz hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşmaga, bilelikdäki hereketleriň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berýäris. Biz häzirki günde açylýan hakyky mümkinçilikleri görýäris hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli dialoga hemişe taýýardyrys. Şeýle çemeleşme türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna özara düşünilýändigi bilen şertlendirilendir.

Biz ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýetilen derejesine hem-de häzirki ýagdaýyna ýokary baha berýäris. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we onuň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletleriň biri boldy. ABŞ-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormaty we hoşniýetli garaýşy üýtgewsiz bolmagynda galýar. ABŞ Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu ugurda hem örän uly tejribe toplanyp, anyk netijeler gazanyldy. Gatnaşyklarymyz yzygiderli ösýär, özara haryt dolanyşygynyň ösüş depgini ýokarlanýar. Umuman, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bu sapar uzak geljege gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berer.

— Siziň ýurduňyzyň tebigy serişdelere, şol sanda energetika serişdelerine baýdygyny bilýäris. Bu ugurda Türkmenistanyň strategiýasy nähili?

— Dogry aýdýarsyňyz. Türkmenistan, hakykatdan-da, uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolan döwletdir. Şunlukda, tebigy gazyň kesgitlenen we tassyklanan möçberi boýunça biz dünýäde dördünji orny eýeleýäris.

Türkmenistan häzirki zamanyň geoykdysady şertlerinde bu ýagdaýyň ähmiýetine has doly düşünmek bilen, öz energetika strategiýasyny, şol sanda ony halkara bazarda örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda ýola goýýar. Şunda baş maksat energetika akymlaryny akylly-başly diwersifikasiýa etmekden we olaryň deňagramly esasda sazlaşygyny, howpsuz, ygtybarly görnüşde iberilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Biz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, syýasy derejede hem-de halkara hukuk nukdaýnazaryndan, häzirki ählumumy ösüşiň talaplary, özara bähbitlilik esasynda alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika howpsuzlygy mowzugy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde giň, köpugurly gepleşikleri ýola goýdy hem-de Baş Assambleýanyň yzygiderli kabul eden Kararnamalarynyň birnäçesiniň öňbaşçysy boldy. Şunuň ýaly ilkinji Kararnama 2008-nji ýylda makullanyldy. Şondan bäri energetika howpsuzlygy baradaky mesele energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan täze häsiýete eýe boldy.

Biz syýasy taýdan energetika akymlarynyň diwersifikasiýasyny, howpsuzlyk kadalaryny amaly işler arkaly durmuşa geçirýäris. Elbetde, şunda geoykdysady ýagdaýlary we ösüş meýillerini nazara alýarys. Mysal üçin, bir döwürler tebigy gaz eksportynyň esasy bölegi Russiýa gönükdirilipdi, ýagny bu ýurda ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz iberilýärdi. Häzirki wagtda biziň gazymyzy esasy sarp ediji Hytaý bolup, onuň möçberi-de, takmynan, şol derejededir. Şeýle hem Türkmenistan sebitde diwersifikasiýa syýasatyndan ugur alyp, Eýrana-da, Azerbaýjana-da, Gazagystana-da, Özbegistana-da, gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlara-da “swap” usuly arkaly gaz iberip biler.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz örän uly halkara taslamalaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini (TOPH) amala aşyrýar. Bu gün TOPH-nyň Owganystanyň çägindäki birinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barlyp, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýar. Bu taslama halkara derejede goldaw tapýar, şol sanda ol ABŞ tarapyndan hem goldanylýar. Ol Günorta Aziýa döwletleriniň artýan energetika isleglerini üpjün etmek babatda uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň ösýän bazarlaryna çykmaga gowy mümkinçilikleri döredýär. TOPH taslamasy syýasy durnuklylygyň, ykdysady abadançylygyň üpjün edilmegi, maýa goýumlar babatda özüne çekijiligi bilen uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Amerikan hyzmatdaşlarymyzyň hem oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine hakyky baha berjekdigine umyt edýäris.

— Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegine nähili garaýarsyňyz?

— Biz bu taslamany energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýäris. Türkmenistan oňa çynlakaý, ünsli we oňyn garaýar. Şol bir wagtda halkara hukuk häsiýetli, ylaýta-da, Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek zerurdyr. Birnäçe wagt mundan ozal, bu mesele bilen meşgullanmak üçin türkmen-azerbaýjan iş topary döredildi. Bu toparyň işiniň amaly taýdan gowy netijeleri berjekdigine umyt edýäris.

— Siz Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli mowzugy gozgadyňyz. Häzirki wagtda bu ugurda işleriň ýagdaýy nähili?

— Biziň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösýär, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Köp ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard amerikan dollaryna golaý bolan ykdysady taslamalaryň ýüzlerçesi amala aşyryldy we aşyrylýar. Iri amerikan kompaniýalary köp wagtdan bäri türkmen bazarynda möhüm ugurlar bolan ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, elektroenergetikada, programma üpjünçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we beýleki pudaklarda üstünlikli işleýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys hem-de oňa ýokary baha berýäris. Mundan beýläk-de ony höweslendireris we goldarys. Men şolaryň arasynda «John Deere», «General Electric», «Case», «Boeing», «Coca-Cola», «Sikorsky», «Caterpillar» ýaly kompaniýalary görkezip bilerin. Bular sanawdaky kompaniýalaryň hemmesi däldir.

2008-nji ýylda biziň başlangyjymyz bilen döredilen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň möhüm ornuny aýratyn bellemek gerek. Şondan bäri geçen döwürde ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp we täsirli guralyna öwrüldi. Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we berkitmekde, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny bilelikde gözlemekde uly ähmiýete eýe boldy. Şeýle-de ol türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmak üçin netijeli meýdançany döretdi. Işewürlik geňeşi iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda mynasyp abraýa eýe boldy. Onuň pikirleri we maslahatlary Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet edaralary tarapyndan diňlenilýär.

Şol bir wagtda özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygy äşgärdir. Ilki bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, iri milli we halkara infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutmak gerek. Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle-de elektroenergetika, kompýuter, logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda amatly şertler bar.

— Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň başga haýsy ugurlaryny geljegi uly diýip hasaplaýarsyňyz?

— Medeniýet, ylym, bilim, sport, umuman, ähli durmuş-jemgyýetçilik ulgamlary. Bu babatda hyzmatdaşlygyň oňat we peýdaly tejribesi bar. Şunda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalar möhüm orny eýeleýär. Mysal hökmünde 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işjeň alnyp barylýan «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçiniň gaznasy» maksatnamasyny görkezmek bolar. Häzirki wagta çenli bu gazna ýurdumyzda 30 sany taslamany goldady.

Türkmenistanda iňlis diline uly gyzyklanma bar. Häzirki günde ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde iňlis dili öwredilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň dördüsinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar. Ýurdumyzda gurlan «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak, iňlis diline ýöriteleşdirilen mekdebi açmagy meýilleşdirýäris. Şunda esasy ünsi çekmeli zat bar: okuw prosesi ýaşlara ABŞ-nyň abraýly uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda, Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlaryny dowam etdirmäge mümkinçilik bermäge gönükdiriler. Ine, şu ýerde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim hem-de ylmy jemgyýetçiliginiň häzirki işi üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Medeniýet barada aýdanymyzda, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýi bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Men bu hyzmatdaşlygy giňeltmegi zerur hasaplaýaryn. Türkmenistan gadymy we örän baý taryha, medeniýete eýe bolan döwletdir. Öz gezeginde, bizde amerikan kinematografiýasyna, edebiýatyna, sazyna uly gyzyklanma bar. Soňky ýyllarda dürli bilim maksatnamalary amala aşyrylýar, professorlaryň saparlary, olaryň umumy we ussatlyk sapaklary geçirilýär. Arheologiýa toparlarynyň ýurdumyza gelip, gazuw-agtaryş işlerini alyp barmagy üpjün edilýär. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamalary esasynda amerikan saz we tans toparlarynyň konsertleri geçirilýär. Amerikan filmleriniň däbe öwrülen tomusky we gyşky görkezilişleri guralýar. Biz şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge, türkmen medeniýetini ABŞ-da has giňden tanyşdyrmaga taýýardyrys.

— Türkmenistan strategik taýdan möhüm sebitde ýerleşýär. Bu ýagdaý ýurduňyza, onuň daşary syýasatynyň we ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna nähili täsirini ýetirýär?

— Biz öz ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady ýerleşişine doly derejede göz ýetirýäris. Ol bize Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda birleşdiriji köpri bolmaga, Hazar deňzinden Gara deňze, Ortaýer deňzine, Ýakyn Gündogara çykmaga mümkinçilik berýär. Hut şu strategik ýagdaý hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk babatda örän oýlanyşykly we deňagramly çemeleşmesini, umuman, biziň daşary syýasat konsepsiýamyzy kesgitleýär. Onuň binýadynda bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi durandyr.

Bitaraplyk kadalaryna esaslanyp, biz sebitde parahatçylygy üpjün etmek we öňüni alyş işlerini alyp barýarys, halkara giňişlikde parahatçylyk hem-de ynanyşmak gün tertibini öňe sürýäris. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu dünýä syýasatynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Aşgabatda geçirilen iri halkara forum ýylyň iň esasy çäresi bolup, oňa 66 döwletden, 30 sany halkara guramadan wekiller, 16 ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşdylar. Türkmenistan öz geostrategik ýerleşişini, hemişelik Bitaraplyk derejesini diňe döredijilikli, netijeli maksatlar, ýagny durnuklylygy üpjün etmek, dawa-jenjelleriň öňüni almak, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny höweslendirmek, Merkezi Aziýa, Hazar sebitleriniň dünýäniň ykdysady, syýasy işlerine üstünlikli goşulmagyny gazanmak üçin ulanýar.

— Siz Florida ştatynda geçirilýän duşuşyklardan nähili netijelere garaşýarsyňyz?

— Biz bu ýerde bolmagymyzy Türkmenistan bilen ABŞ-nyň Florida ştatynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, umumy bähbitlere laýyklykda peýdalanyp boljak güýçli taraplary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ulanmak isleýäris. Bu ýerde gürrüň işewürlik hyzmatdaşlygy, maýa goýum işi, söwda ulgamynda haýsydyr bir ylalaşyklary gazanmak barada barýar. Şeýle-de Florida ştatyndaky sport desgalarynyň gurluşygyny, umuman, sport işiniň guralyşy boýunça tejribäni öwrenmek isleýäris. Hususan-da, gürrüň golf barada.

Türkmenistanda 2017-nji ýylda meýdanlary bilen bilelikde 70 gektardan gowrak ýeri eýeleýän ilkinji golf kluby açyldy. 2022-nji ýylda geçirilen forumyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» amerikan kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Biz Türkmenistanda golfy ösdürmek bilen çynlakaý meşgullanýarys we bu ugurda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyga bil baglaýarys. Bu, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine hem degişlidir. Florida bu ugurda ajaýyp üstünliklere eýe. Şoňa görä, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umyt edýäris.

Atçylyk hem geljegi uly ugurlaryň biridir. Türkmenistan — meşhur ahalteke atlarynyň watany. Adam tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen ilkinji medeni tohumyň taryhy bäş müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyga aýratyn üns berilýär. Florida ştatynda-da bu ugruň giňden ösendigini we meşhurdygyny bilýäris. Şunda tagallalarymyzy, tejribämizi, bilimlerimizi birleşdirmegi teklip edýäris.

Sözümiň ahyrynda şu günki duşuşyk üçin size minnetdarlyk bildirýärin hem-de Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny dostlukly ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtamak isleýärin.

***

Söhbetdeşligiň ahyrynda «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han gürrüňdeşligiň işjeň we netijeli ýagdaýda geçendigini aýdyp, häzirki döwrüň meseleleri boýunça pikirlerini beýan edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň hormatyna giň möçberli dabaralaryň geçiriljekdigini belläp, Rizwan Hany we «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň döredijilik toparyny bu dabaralara çagyrýandygyny mälim etdi.

Rizwan Han bu çakylygy özlerine bildirilen belent hormat hökmünde kabul edýändigini nygtap, ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan Türkmenistanda geçiriljek dabaralara uly höwes bilen gatnaşjakdygyny aýtdy we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde meşhurlyk gazanan «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna we onuň döredijilik toparynyň agzalaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.