Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň
Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga
döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ
bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini
aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygynyň özara gatnaşyklary
has-da ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Serjio Gor
paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny
belledi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, ýurdumyzyň ABŞ bilen dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary
ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen
Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlarymyzyň
arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara
hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda «Merkezi
Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatynda geçirilen sammite gatnaşmak
üçin Waşington şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan
bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek
ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlary öz içine alýar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça
ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.