29-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.
Mejlisde Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi mirasynyň, milli aýdym-saz sungatymyzyň şu güne çenli bizi has-da ýakynlaşdyryp gelýändigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, geňeşiň ähli agzalaryna hem-de doganlarymyza bu ugurdaky gatnaşyklara ýardam berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Ýygnananlaryň umumy pikirine görä, Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda öňe sürlen teklipleriň, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi gurama agza döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem nobatdaky mejlisiň geçiriljek ýeri baradaky meselä garaldy.