Sammitiň işi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Türki dünýäsiniň ýokary
ordeni» bilen sylaglamak, şeýle hem gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowy Türki
döwletleriň guramasynyň «Türki dünýäsiniň jebisligi üçin» Alişer Nowaýy
adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary tasynda
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygyna «Türki dünýäsiniň ýokary ordenini» gowşurýar.
Bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy
pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly
goşant goşan adamlara gowşurylýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy Türki döwletleriň guramasynyň ýokary sylagy üçin minnetdarlyk bildirip,
bu sylaga Türkmenistana hem-de türkmen halkyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde
garaýandygyny nygtady.