Şu gün
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň
başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Işewür
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ata Watan
Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp,
Gahryman Arkadagymyzy doglan güni we Arkadag şäheriniň iki ýyllygy bilen
mähirli gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly
işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Şeýle
hem işewür Milli Liderimiziň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli
şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň ýolbaşçylyk edýän
kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza
we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Gahryman
Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, “Rönesans
Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli
işläp gelýändigini aýtdy. Şol geçen döwürde kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş
hökmünde görkezdi, onuň amala aşyran taslamalary bolsa halkara ölçeglere laýyk
gelýär. Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy
barada pikir alyşmaga we ony ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge
mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň
arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, netijeli we özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Munuň şeýle bolmagyna halklarymyzyň
arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklar ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda,
hususy pudakda netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi. Bu
ugurda hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy.
Gahryman
Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary,
hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary
durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, kompaniýanyň
işine ýokary baha berdi we toplanan oňyn netijäni nazara almak bilen,
ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür
bildirilýän ýokary ynam, şeýle hem Türkmenistanda işlemäge döredilýän giň
mümkinçilikler we şertler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize
hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn
borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň
müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler.