Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Paýtagtymyzda açylan täze uniwersitet Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin
ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara
tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky ädim bolar.
...Irden Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet
agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk
goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we
halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, işewürler
bileleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halk
köpçüligi we talyplar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy uly
şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze ýokary okuw mekdebiniň
açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen
diňlenildi.
Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetdi: ýygnananlaryň
şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesdi.
Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň baş binasynyň
eýwanyndaky diwarlaryň ýüzünde mozaika görnüşinde ýerine ýetirilen, gadymyýetde
söwda eden türkmen täjirlerini şekillendirýän, häzirki döwürde telekeçileriň
dürli ugurlarda, şol sanda ylymda, bilimde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda
ýeten sepgitlerini beýan edýän surat eserini synlady.
Uniwersitetiň eýwanynda ýurdumyzyň hususy işewürleriniň
üstünlikleriniň subutnamasy bolan diplomlar we güwänamalar ýerleşdirilipdir.
Açylyp ulanmaga berilýän ýokary okuw mekdebi hususy pudagyň ylym-bilim
kuwwatyny artdyrmak bilen, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we
eksport ugurly önümleri öndürmäge, täzeçil, toplumlaýyn işewürlik
başlangyçlaryny işläp düzmäge hem-de durmuşa geçirmäge ukyply, ýurdumyzyň
ykdysady ösüşine goşant goşýan ýaş nesli kemala getirmekde esasy merkezleriň
biri bolar.
Soňra bu ýerde ýörite gurnalan monitorda uniwersitetiň
desgalary, olarda göz öňünde tutulan mümkinçilikler, okuw ugurlary bilen
tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda
girişildi. Jemi 8 gektar çäkde ýerleşýän ýokary okuw mekdebiniň desgalarynyň
gurluşygy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu
ýerde talyplaryň bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, dynç almagy we wagtyny
peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki
ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, bu ýerde dil öwreniş bölümi, hünär
derejesini ýokarlandyryş; işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk
işewürligi; sanly tehnologiýalar; binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri,
şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 kafedra, 42 sany tejribehana hereket eder.
Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrar.
Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik
we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary
ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar.
Okuwlar, hususan-da, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp
barlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda
önümçilikde zähmet çekýän ussat işewürleriň talyplara bilim bermekleri,
sapaklaryň dowamynda önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmekleri
göz öňünde tutular. Munuň özi ýokary telekeçilik mekdebinde halypa-şägirt
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem ýardam eder.
Täze bilim ojagynda okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup,
talyplar okuwa kabul edilende belli bir taýýarlyk ugruna, ýagny hünäre kabul
edilmän, eýsem, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna kabul edilýär. Bilim
ulgamlarynyň ulaldylan toparlary bir wagtda taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz
içine alýar. Şonuň üçin talyplar, ilki bilen, bir ýyllap türkmen we iňlis
dilleri boýunça dil taýýarlygyny geçerler. Soňra birinji okuw ýylynyň dowamynda
bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýan
bilim ulgamynyň ulaldylan toparlaryna degişli hökmany we umumy dersler boýunça
bilim alarlar. Şeýlelikde, talyplar birinji okuw ýylynyň ahyrynda öz
isleglerine görä, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň
degişli ugruny saýlap bilerler. Ikinji okuw ýylyndan olar saýlan taýýarlyk
ugruna degişli ýörite we saýlama dersler boýunça bilim alarlar. Şunlukda, talyplar
ikinji, üçünji, dördünji okuw ýyllarynda taýýarlygyň belli bir ugruna
ýöriteleşip, üçünji okuw ýylynyň ahyrynda ýyllyk ylmy işini, dördünji okuw
ýylynyň ahyrynda önümçilige gönükdirilen diplom işini ýazyp, ony döwlet synag
toparynyň öňünde goramak bilen, öz saýlan hünär ugry boýunça bakalawr bilim
derejesini alarlar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap ýokary okuw
mekdebiniň barlag-tejribehana otaglaryna baryp, olarda döredilen şertler we
enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň
halkara maliýe we birža barlag-tejribehana otagyna bardy. Täze uniwersitetiň
mugallymy Milli Liderimizi mübärekläp, şu günki tejribe sapagynda dürli
görnüşli maliýe amallarynyň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi. Bellenilişi
ýaly, gymmatly kagyzlar bazarynda biržalar esasy orny eýeleýär. Şol pursatda
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Aşgabat gazna biržasynda
hasaba alnan ýuridik taraplaryň gymmatly kagyzlary barada maglumatlar, dünýäniň
ösen döwletleriniň gazna biržalarynyň hereketi hakyky wagt tertibinde
görkezildi. Talyplaryň tejribehanadaky kompýuterler arkaly birža gatnaşyjysy
hökmünde öwrediji hasabyň üsti bilen gazna biržalarynyň maglumatlaryny
öwrenmäge, seljermäge we amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilikleri bar.
Halk Maslahatynyň Başlygy dünýä biržalarynyň häzirki
ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň
ýurdumyzyň gazna bazaryny ösdürmäge uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Uniwersitetiň mugallymy özleri barada edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza
we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan
saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri uniwersitetiň ilkinji
talyby bolmak bagty miýesser eden ýaşlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň öz
öňlerinde goýan maksatlary bilen gyzyklandy. Uniwersitetiň talyby okamak we
bilim almak üçin ýurdumyzda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de öz saýlap alan
ugry boýunça ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrunda ähli
gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra hormatly Arkadagymyz uniwersitetiň ekinleriň
seleksiýasy we tohumçylygy barlag-tejribehana otagyna bardy. Uniwersitetiň
mugallymy Milli Liderimizi bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde ekinleriň ýokary hasyl berýän, toprak-howa
şertlerine durnukly görnüşlerini synagdan geçirmek, olary has-da kämilleşdirmek
üçin barlaglary alyp barmaga ähli mümkinçilikler bar.
Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze
uniwersitetiň gurluşyk materiallary we konstruksiýalary barlag-tejribehana
otagynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde uniwersitetiň mugallymy
gurluşyk gurnamalarynyň we serişdeleriniň hil barlagyny geçirmäge mümkinçilik
berýän enjamlaryň, hususan-da, Italiýanyň «Sara»kompaniýasynyň seýsmiki
signallary we ýertitremeleri, geofiziki maglumatlary ýygnamaga we ýazga almaga,
seljermäge niýetlenen seýsmograf enjamynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Bellenilişi ýaly, şeýle enjamlar arkaly geçirilýän tejribeler talyplaryň nazary
bilimlerini has-da ösdürýär. Munuň özi işine ussat gurluşykçylary, binagärleri
taýýarlamagyň möhüm şertidir.
Soňra barlaghana otagynda uniwersitetiň talyby Gahryman
Arkadagymyzy Italiýanyň «IDS» kompaniýasynyň enjamy bilen tanyşdyrdy.
Uniwersitetiň talyby ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap
bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny
beýan etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we
senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Gahryman
Arkadagymyza talyplaryň özleşdiren bilimlerini tejribede berkitmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz ýaşlaryň gurluşyk we
seýsmologiýa ugry boýunça alan bilimlerini has-da kämilleşdirmek üçin ony
gurluşyk meýdançalarynda dowam etmelidigine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe
maslahatlaryny berdi.
Uniwersitetiň sanly tehnologiýalar fakultetinde
superkompýuter tehnologiýalary, serwer, kompýuter tory, maglumat goragy, mobil
programma, programmirlemek boýunça barlag-tejribehanalaryň 6-sy hereket edýär.
Talyplara sanly dünýä baradaky bilimleri çuňňur öwretmekde bu otaglaryň
ähmiýeti uludyr.
Ýokary okuw mekdebiniň serwer barlag-tejribehana otagynda
nazary bilimleri iş şertlerinde has-da çuň özleşdirmek üçin innowasion we
kuwwatly enjamlar ornaşdyrylypdyr.
Binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetinde gurluşyk
desgalarynyň we serişdeleriniň barlaglaryny geçirmäge ýöriteleşdirilen enjamlar
gurnalan barlag-tejribehanalaryň 12-si hereket edýär.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow uniwersitetiň howlusynda ýaýbaňlandyrylan, Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleriniň sergisi bilen
tanyşdy. Sergide ýurdumyzda elektron senagatyň ösdürilmegine mynasyp goşant
goşýan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine möhüm orun berlipdir.
Hojalyk jemgyýetiniň sergi diwarlygynda häzirki zaman elektron önümleriniň köp
görnüşleri görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda soňky ýyllarda elektron
senagatyň önümlerini öndürmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sergide plastmassa
turbalaryň, keramiki bezeg plitalarynyň we sanfaýans önümleriniň görnüşleri
bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz türkmen telekeçileriniň döwletimiz
tarapyndan mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýdyp, olara alyp barýan
işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektoryna
şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berilýän täze
awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy açylyş dabarasyna
gatnaşýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, şeýle döwrebap bilim
ojagyny gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, ähli işgärleriniň adyndan
sagbolsun aýtdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň sport toplumynyň
binasyna bardy. Uniwersitetiň sport toplumynda dürli sport çärelerini geçirmek,
bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Milli
Liderimiz halkymyzyň «Saglyk — beglik» diýen pähimine ünsi çekip, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelgäniň aýratyn
ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow uniwersitetiň mejlisler jaýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni
mynasybetli talyplaryň, professor-mugallymlaryň öňünde beýanat bilen çykyş
etdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýanaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegi
nazarlaýan, öňdengörüjilikli daşary hem-de içeri syýasatyna bagyşlandy. Türkmen
halkynyň Milli Lideri talyplara ýüzlenip, şeýle ajaýyp günde olar bilen
duşuşýandygyna örän şatdygyny, halkymyzyň «Toýlar goşa-goşadan gelýär» diýen
sözleriniň şu gün durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hormatly
Prezidentimiz şu günler Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Taryhdan
mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden
alyp gaýdýar. Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmen hem-de hytaý
halklary «Kasam şertnamasy» diýlip atlandyrylan şertnama gol çekipdirler.
Şertnamada: «Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama
wepaly bolsun!» diýlip bellenilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz şol «kasama»
eýerip, dostlukly ýurda sapary amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ŞHG-niň
sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy kökleri taryha uzap gidýän
dostluga ygrarlylygyň aýdyň nyşanydyr diýip, Milli Liderimiz nygtady. Hormatly
Prezidentimiz HHR-e saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirýär. Şunuň
bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşyklaryň iki ýurduň
arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar gününde
özüne ýurdumyzyň talyplary bilen duşuşmagyň miýesser edendigini, 19-njy
sentýabrda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini
aýtdy. Munuň özi halkymyzyň «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» diýen
pähiminiň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Soňra Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara
derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy.
Ilki bilen, Türki dünýäniň inženerler we binagärler
birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik
bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de
telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk
ýokary okuw mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy.
Soňra sertifikatlaşdyrmak boýunça «CERT International»
guramasynyň direktory Riad Ibragimow Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň
ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini
tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
«Saybolt» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili
D.Aganyýazow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň barlaghana
otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag
güwänamasyny gowşurdy.
Soňra «Özlem
Aydinlatma Sa. A.Ş.» kompaniýasynyň
wekili Ahmet Kahraman Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde
gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO
9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda
işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän
talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary okuw mekdebini
mynasyp bolan halkara baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň ýurdumyzyň
bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy.
«Durmuşda öz ornuňy tapmak üçin bilime möhüm orun
degişlidir. Bilim her bir adam üçin täze-täze mümkinçilikleri açýar» diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu gün
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň
açylyp ulanmaga berilmeginiň hem möhüm ähmiýetini belledi. Institutyň täze
binasynda Gün panelleriniň, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri»
ylmy-önümçilik merkeziniň bolmagy ýurdumyzda «ýaşyl» energetika syýasatynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly
myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Milli Liderimizden şanly waka mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň işgärleriniň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan ajaýyp türkmen halysyny Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat hökmünde gowşuryp bermegi uly hormat bilen haýyş edildi.