Düýn – 10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy.
Mongoliýanyň Prezidenti häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň açyklyga, birek-birege hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýandygyny aýdyp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, bu ugurda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.