milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz halkara maslahata gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyz halkara maslahata gatnaşdy
20.03.2025 160 Habarlar

Düýn - 19-njy martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu halkara maslahat mynasybetli iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Soňra halkara maslahatyň işine ak pata bermek we esasy beýannama bilen çykyş etmek üçin uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyza söz berildi.

Paýtagtymyzda geçirilen bu gezekki forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.