18-nji
maýda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän
Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary
tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny
goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly
ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet
tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.