Şu gün
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar
geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Işewür
wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman
Arkadagymyzy doglan güni bilen, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag
şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan
saglyk, uzak we bagtyýar ömür, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem işewür Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly
Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Işewür
ata Watan Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere
guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň Milli Liderimiziň
başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara
beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly,
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanda ägirt uly taslamalar
durmuşa geçirildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň
mysalydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini
Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam etdirýär, Milli Liderimiziň döreden
ençeme ylmy işleri bolsa ýaşlar üçin uly mekdep we durmuşda ýol görkezijidir.
Gahryman
Arkadagymyz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip,
dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda başlan türkmen-türk dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty,
gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda
hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalary bilen deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň
bähbidini hormatlamak däplerinden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzda
işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň uly
goşandy bellenildi. Häzirki wagtda bu kompaniýa senagat we durmuş maksatly
birnäçe möhüm desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.
Gahryman
Arkadagymyz kompaniýanyň ýurdumyzyň energetika pudagynda we saglygy goraýyş
ulgamynda alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň
bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan
çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli
çözgütleri giňden goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz
“Çalyk Holding” kompaniýasynyň täze tehnologiýalary we öndürijiligi ýokary
enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli
taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine
berk ynam bildirdi.
Ahmet
Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň
geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge
jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar
geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.