29-njy dekabrda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen Halkara ahalteke atçylyk
sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri
bilen tanyşdy.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda hem giňden tanalýan «Galkynyş»
milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň türgenleşik geçýän ýeri – ýapyk
maneže geldi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda
döredilen bu topar iri halkara bäsleşikleriniň we sirk sungatynyň
festiwallarynyň abraýly baýraklaryna ençeme gezek mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz
«Galkynyş» toparyna gazanan uly üstünlikleri üçin ABŞ-nyň 50 müň dollary
möçberindäki pul baýragyny gowşurdy.
Milli
Liderimiziň «Rowaç» atly aýdymly diskini sowgat gowşurmagy çapyksuwarlar üçin
ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň «Rowaç» diýip
atlandyran bedewi 2019-njy ýylyň başynda dogldy. Hormatly Prezidentimiz bu
bedewi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat beripdi we ajaýyp
bedewiň taýçanak wagty oňa nurana aýdym bagyşlapdy.
«Galkynyş»
milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew bedewleriň
sanyny köpeltmek, bu ýerde degişli seýisçilik we ideg işlerini ýokary derejede
alyp barmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa toparyň agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra toparyň
ýolbaşçysy bedewleriň arasyna täze goşulan Ak ýol atly bedewi hormatly Prezidentimize
görkezdi we bu bedewi manežde çapyp görmegi haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz nurana
bedewiň jylawyndan tutup, onuň bilen birsellem gezim etdi. Şu pursatda
ak behişdi Ak ýol atly bedewine atlanan Gahryman Arkadagymyz mähriban halkymyza
Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz manež boýunça bedewde birnäçe aýlaw edenden soň öz çapyksuwarynyň erk etmegi bilen, bedew birnäçe hereketleri ýerine ýetirip, artistlik başarnyklaryny görkezdi. Şol pursatda sazyň ýaňlanmagy bilen bedew aýak urşuny sazyň depginine görä batlandyrdy, öz başarnyklaryny, tebigy gözelligini hem-de çapyksuwar bilen ýakyndan özara düşünişmegiň nusgasyny görkezdi.