milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz Ahmet Çalyk bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Ahmet Çalyk bilen duşuşdy
10.10.2024 16 Habarlar

Düýn – 9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür şu gün açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň gurluşygynyň «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylmagynyň özleri üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi hem-de Milli Liderimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň açylmagy bilen gutlady.