milli goshun logo
Gadyr gijesi mynasybetli 764 raýatyň günäsi geçildi
Gadyr gijesi mynasybetli 764 raýatyň günäsi geçildi
30.05.2019 1020 Habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, raýatlaryň 764-si mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.