milli goshun logo
Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»
Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»
11.03.2019 1448 Sport

10-njy martda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Öň hem belleýşimiz ýaly jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy.

Iki çempionyň arasynda geçirilen bu duşuşyk örän çekeleşikli pursatlary bilen tomaşaçylaryň aňynda köp wagtlap saklansa gerek. Esasy wagty 4:4 tamamlanan bäsleşigiň ýeňijisi jerime urgulary arkaly kesgitlenildi.

Jerime urgularyny «Köpetdagyň» oýunçylary has dürs urmagy başaryp, ýeňiş gazandylar. Olar türkmen futzalynyň taryhynda ilkinji naýbaşy kubogy eýelediler.