04.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Futzal: Aziýa çempionaty — 2020-niň bije atyşlygy geçirildi
Futzal: Aziýa çempionaty — 2020-niň bije atyşlygy geçirildi
07.12.2019 955 Sport

Aşgabadyň «Olimpiýa» myhmanhanasynda geljek ýylyň 26-njy fewraly — 8-nji marty aralygynda Türkmenistanda boljak futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň final böleginiň bije atyşlygy geçirildi.

Onuň jemi boýunça Aziýa yklymynyň iň oňat futzal toparlarynyň 16-sy dört topara bölündi.

«A» toparyna Türkmenistanyň ýygyndy topary bilen birlikde Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary düşdi. «B» toparyna Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň, Liwanyň we Ýaponiýanyň toparlary girdi.

«C» toparynda Indoneziýanyň, Hytaýyň, Bahreýniň we Özbegistanyň toparlary güýç synanyşarlar. «D» toparyna giren Saud Arabystanynyň, Koreýa Respublikasynyň, Tailandyň ýygyndy toparlary bolsa futzal boýunça Aziýa futbol konfederasiýasynyň häzirki çempiony bolan Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy topary bilen bäsleşerler.

Ýaryşyň toparlaýyn tapgyry 26-njy fewraldan 2-nji marta çenli dowam eder. Şondan soňra utulan toparlar oýundan çykarlar. Bäsleşigiň bu tapgyryna her topardan iň güýçli ýygyndy toparlaryň ikisi gatnaşar.

8-nji martda futzal boýunça Aziýa çempionatynyň ýeňijisi hem-de 2020-nji ýylda Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin arzyly ýollanmalaryň bäşisine mynasyp bolanlar yglan ediler. Dünýä çempionatyna ýarym final oýunlarynda üstünlik gazanan toparlaryň dördüsi, şeýle hem birinjilik ugrundaky bäsleşikde bäşinji orny eýelän topar gatnaşar.