milli goshun logo
Futbol çempionatynyň 19-nji tapgyry başlandy
Futbol çempionatynyň 19-nji tapgyry başlandy
29.10.2023 633 Sport

 

Düýn – 28-nji oktýabrda «Arkadag» we «Merw» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň     19-njy tapgyry başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

«Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda ýaryş tertibiniň başyny çekýän «Arkadag» topary Mary şäheriniň klubuny 6:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Nobatdaky ýeňşinden soň 48 utuk toplan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 12 utugy bolan «Merw» topary ýedinji orunda barýar.

Şu gün – 29-njy oktýabrda tapgyryň  «Köpetdag» – «Nebitçi», «Ahal» – «Aşgabat», ertir – 30-njy oktýabrda «Energetik» – «Altyn Asyr» duşuşyklary geçiriler.