milli goshun logo
Forumda nebitgazhimiýa önümleriniň söwdalarynda 335 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Forumda nebitgazhimiýa önümleriniň söwdalarynda 335 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
17.08.2019 475 Habarlar

16-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlynyň polimer zawody we Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawody önümçilik kuwwatlyklaryny görkezdiler.

Halkara ähmiýetli wakalaryň çäklerinde guralan birža söwdalarynda nebitgazhimiýa önümlerini satyn almagyň umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Daşarky bazara 460 müň tonna nebit önümleri, 18 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 130 müň tonna ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzin ýerlenildi.