Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda biziň ýurdumyzda
geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda halkara hyzmatdaşlygyň birnäçe
meseleleriniň üstünde durup geçildi.
Dürli halkara
guramalaryň wekilleri Hazar sebitinde «ýaşyl ykdysadyýetiň»
kämilleşdirilmegine, Hazarda deňzinde ylmy barlag işlerini geçirmek, Hazar
deňiziniň energetiki kuwwatyna doly derejede ýüze çykarmak bilen bagly baý
mazmunly mowzuklar bilen çykyş etdiler.
Foruma
gatnaşyjylar Hazar deňziniň hukuk statusy boýunça Konwensiýasyna gol
çekileninden soň, sebitiň ýurtlarynyň öňünde hyzmatdaşlyk üçin täze
mümkinçilikleriniň dörändigi baradaky pikirleri biragyzdan aýtdylar. Bu forumyň
ýokary derejede geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň dürli pudaklardaky kuwwatyny dünýä
ýüzüne äşgär etmäge giň ýol açar.
«Milli goşun».