milli goshun logo
Eşretli durmuşyň höziri
Eşretli durmuşyň höziri
10.10.2024 60 Habarlar

Düýn – 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş işgärlerine täze şäheriň ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman çözgütler ulanyldy. Öýleriň aşhanasy, eýwanlary, olaryň gurluşyk aýratynlyklary amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär.

Täze jaýdan öý alan Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş işgärleri şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş edendikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.