milli goshun logo
Ertir saýlawlar geçiriler
Ertir saýlawlar geçiriler
30.03.2019 1189 Habarlar

Ýekşenbe güni, 31-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň aýry-aýry okruglar boýunça saýlawlary geçiriler.

Şol gün ýurdumyzyň raýatlary özleriniň konstitusion hukuklaryny peýdalanmak bilen, halkymyzyň iň mynasyp we abraýly, ildeşlerimiziň arasynda hormatdan we ynamdan peýdalanýan wekiller üçin ses bermäge saýlaw uçastoklaryna bararlar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz etmek çäresi üstünlikli tamamlandy.

Türkmenistan boýunça Mejlisiň deputatlarynyň üçüsi, halk maslahatlarynyň agzalarynyň 20-si we Geňeşleriň agzalarynyň 102-si saýlanylar. Şunuň bilen baglylykda, 125 saýlaw okrugy hem-de 222 saýlaw uçastogy hereket edýär.

Uçastok saýlaw toparlary 31-nji martda 7-den sagat 19-a çenli işlärler. Saýlawlaryň başlanjak senesinden ozal 10 günüň dowamynda haýsydyr bir sebäpler bilen şol gün ýaşaýan salgylaryndan başga ýerlerde bolýan Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermäge hukuk berilýär.

Ähli saýlaw okruglarynda bir orna 2 — 3 dalaşgär hödürlenildi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dalaşgärleri görkezmekde deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň döredilmegi babatynda kesgitlenilen giň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy hem-de raýatlar toparlary öz dalaşgärlerini hödürlediler.

Ähli saýlaw okruglarynda, saýlaw uçastoklarynda geçirilýän işlere, şeýle hem ýekşenbe güni boljak saýlawlaryň barşyna milli synçylaryň topary gözegçilik ederler.

31-nji martda iň mynasyp dalaşgärlere ses bermek üçin saýlaw uçastoklaryna barjak raýatlar özleriniň saýlan wekilleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ýerli häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşant goşjakdyklaryna ynanýarlar.