milli goshun logo
Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi gurlar
Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi gurlar
25.05.2019 869 Habarlar

24-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa edara ediş, abatlaýyş, hyzmat desgalaryny, ammary, himiki barlaglar binasyny, tehniki desgalary we awtoduralgany öz içine alýan merkeziň taslamasy görkezildi. Bu merkezi Büzmeýiniň döwlet elektrik bekediniň çäginde umumy meýdany 2,60 gektara barabar bolan ýerde gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak hem-de gazturbina desgalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada degişli tabşyryklary berdi.