Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde
Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly
maslahat geçirildi. Şanly wakalara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň, Mejlisiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi
geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda häzirki döwürde
gelin-gyzlaryň el hünäriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi baradaky
çykyşlar diňlenildi.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden
dabara artistleriň gatnaşmagynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen
başlandy. Onda ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli
ugurlarynda alyp barýan işleri, el hünäriniň nesilden-nesle geçirilmegi,
edep-terbiýäniň, maşgala gymmatlyklarynyň ähmiýeti bilen baglanyşykly çykyşlar
öz beýanyny tapdy. Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Diýarymyzda
zenanlara goýulýan sarpanyň, olaryň el hünäriniň ähmiýeti, eneleriň nesil
terbiýesine örän jogapkärçilikli, halkymyzyň döreden ýagşy dessurlaryna
laýyklykda çemeleşýändikleri barada durup geçdiler. Şunda ýaşlary
terbiýelemekde zenanlaryň mähremligine, olaryň edep-terbiýe baradaky
ýörelgelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Watanymyzda mähriban
enelerimize, gelin-gyzlarymyza çuňňur hormat-sarpa goýmagyň gözbaşy
müňýyllyklara uzaýar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda ýaňlanan
aýdym-sazlarda ýurdumyzda zenan mertebesine belent hormat goýulýandygy, olaryň
çagalary milli ruhda terbiýelemekde eýeleýän orny baradaky hakykat öz beýanyny
tapdy. Häzirki döwürde bu asylly ýörelgeler, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alan
ýagşy dessurlar döwrebap derejede ösdürilýär. Aýratyn-da, çykyşlarda ene
hüwdüsiniň mukaddesligi, onda ynsanyň bagtyýar durmuşy baradaky arzuwlaryň
beýanyny tapýandygy hakynda aýdyldy. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyzyň
gelin-gyzlarynyň alyp barýan işlerine, çeper döredijiligine goýulýan sarpanyň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini nygtadylar.
Jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde, milli
agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkitmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik,
maşgala ojagyna wepalylyk ruhunda terbiýelemekde eneleriň yhlasyna wajyp ornuň
degişlidigini belläp, çykyş edenler bu işleriň has-da rowaçlanmagyna döwlet
derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler.