Düýn – 17-nji aprelde Mary welaýat
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň
ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyp ulanmaga berlen bu merkeze
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
«B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly iki sany emeli böwrek enjamy sowgat
berildi. Bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň
ganyny arassalamak arkaly olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygyny
uzaltmaga ýardam edýär.
Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat
bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Her binanyň öz kabul ediş,
anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa, reanimasiýa
bölümleri bar. Bu bölümlerde ornaşdyrylan enjamlar ýokary derejeli bejergi we
barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär.
Täze açylan merkeze ýörite awtoulaglar
sowgat berildi. Ol welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etmek bilen,
raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşar.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň
döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň açylyp
ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň
ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky
gezek tassyklady.