13.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Elektromagnetik germewli ýarag
Elektromagnetik germewli ýarag
25.10.2019 954 Tehnologiýa

«Yeteknoloji» kompaniýasynyň öndüren germewli elektromagnetik ýaragy goranyşda hem-de hüjümde howply hipersonik (sesden çalt gidýän) ýaraglara mynasyp bäsdeş bolup biler.

Bu täze ýaragy bar bolan ýarag sistemalary bilen utgaşykly ulanyp bolýar. Onuň tabşyryklary howpsuz ýagdaýda geçirmek ýaly aýratynlyklary bar. Ýaragda zyňmak üçin partlaýjy maddanyň ýerine elektrik togunyň ulanylmagy ulanyş taýdan amatlylygy, dolandyryş howpsuzlygyny üpjün edýär. Ol  adaty ok-därili ýaraglara görä has arzan bolup, tizligi sesden çalt gidýän raketalaryň tizliginden has ýokarydyr. Şonuň üçinem onuň radara düşürilmegi hem örän kyndyr. Şeýle hem ýarag has ýokary ýok ediji güýje eýedir.  

Bu ýarag ilkinji barlaglardan üstünlikli geçdi.