Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň
elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň
öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Bu neşire Gahryman
Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we
mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi
girizildi.
Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika
strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri
taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna
ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.