milli goshun logo
Eksporta niýetlenen önümçiligi ösdürmek üçin berlen karzlaryň mukdary ýokarlandy
Eksporta niýetlenen önümçiligi ösdürmek üçin berlen karzlaryň mukdary ýokarlandy
02.02.2019 417 Habarlar

1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklary bilen baglylykda şolaryň işini kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl eksporta niýetlenen we importuň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri ösdürmek üçin ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň mukdary 10,2 göterim ýokarlandy. Döwlete degişli bolmadyk bölege berlen karzlaryň mukdary 20,4 göterim artdy.

Şeýle hem bank hyzmatlaryny amala aşyrmagyň elektron düzümini döretmegiň çäklerinde görlen çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, umuman, geçen ýylyň görkezijileriniň tutuş ýurdumyz boýunça alnanda erbet bolmandygyny nygtady. Ýöne, heniz üstünde işlemeli, şol sanda çözülmedik köp sanly meseleler we ulanylman duran mümkinçilikler hem bar diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.