15-nji martda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Dubaý
şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň
bölümini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan yglan edilen halkara
bäsleşigiň netijeleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy
«Tekmil» hususy kärhanasynyň taslama teklibi seçilip alyndy.
«Akyl-paýhasymyzy
birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçjek «EKSPO — 2020»
sergisinde Türkmenistanyň bölüminiň eýeleýän meýdany 1581 inedördül metre
barabar bolar. Şonuň 976 inedördül metrinde iki gatly desga gurlar.
Desganyň
birinji gatynyň zalynda sanly dolandyryş ulgamy arkaly 3D şekilleriniň üsti
bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni we tebigy aýratynlyklary, Türkmenistanyň ähli
ugurlardaky ykdysady görkezijileri beýan ediler. Ol türkmen, iňlis, fransuz,
nemes, rus we arap dillerinde beýan edilýän maglumatlar bilen utgaşdyrylar.
Ikinji gatda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi guralar. Işewürlik maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmek, medeni çäreler üçin zerur şertler üpjün ediler.
Sergi 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda açylar.