1-njy iýulda
Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddan
iberilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystanyň
çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi.
Akina
bekedinde tebigy gazdan taýýarlanylan benzin hem-de suwuklandyrylan gaz
ýüklenilen demir ýol düzümini we awtoulag kerwenini Akina şäherçesiniň häkimi
Azimi Başir Ahmad, Owganystanyň DIM-niň wekili Gulam Resul Aýmak, Akina
bekediniň gümrük gullugynyň ýolbaşçylary, nebitgaz we demir ýol düzümleriniň,
Owganystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, «Aýna», «Batyr» we
«Milli» teleýaýlymlaryň, Türkiýäniň «Anadoli Agenсu» habarlar agentliginiň we
beýlekileriň wekilleri garşyladylar.
Soňra ynsanperwerlik ýüküniň owgan tarapyna dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň dowamynda OYR-nyň resmi adamlary, ýerli häkimiýetiň wekilleri we ýaşaýjylary çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna yzygiderli doganlyk kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, türkmen Liderine berk jan saglyk we alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler, türkmen halkyna bolsa geljekde hem abadançylyk arzuw etdiler.