31-nji awgustda paýtagtymyzda edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi.
Mejlise gatnaşyjylar edara binasy Aşgabat şäherinde ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döretmek hakynda Karary biragyzdan kabul etdiler. Mesele ara alnyp maslahatlaşylandan soň, assosiasiýanyň Tertipnamasynyň hödürlenen taslamasy tassyklanyldy.
Soňra ýygnananlar Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyna daşary ýurtly agzalary kabul etmek üçin ses berdiler. Döredilen assosiasiýa 11 ýurtdan, şol sanda Gruziýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Ermenistandan, Hytaýdan, Eýrandan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden 25 adam agza boldular.
Assosiasiýanyň başlygy wezipesine Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri — dürli ýokary jogapkärli wezipelerde işläp, baý tejribe toplan, esasan hem türkmen itşynaslygyny ösdürmäge uly goşant goşan Serdar Berdimuhamedow teklip edildi. Serdar Berdimuhamedow ses bermegiň jemleri boýunça bu wezipä biragyzdan saýlanyldy. Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasarlygyna hususy itşynas Annageldi Ýazmyradow saýlanyldy.
Foruma gatnaşyjylar her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hem-de şol gün Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň mejlisini geçirmek baradaky teklibi goldadylar.