Duşanbede Söwda-ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistan – Täjigistan hökümetara bilelikdäki komissiýasynyň onunjy mejlisi bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar komissiýanyň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen soňky mejlisiniň kararlaryna laýyklykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Wekiliýetler iki ýurduň Söwda-senagat palatalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler we söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny mäkämleşdirmegiň, şol sanda eksport-import amallaryny artdyrmagyň, hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar. Taraplar energetika, senagat, oba hojalygy, suw baýlyklary we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
Mejlise gatnaşanlar ylym, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini-de ara alyp maslahatlaşdylar.