milli goshun logo
Dünýäniň iň gowy mugallymy yglan edildi
Dünýäniň iň gowy mugallymy yglan edildi
28.03.2019 780 Habarlar

Ýakynda Dubaýda «Dünýäniň iň gowy mugallymy» diýen ady almak ugrundaky bäsleşik tamamlandy. Bäsleşigiň bir million dollarlyk pul baýragyna keniýaly mugallym Piter Tabiçi mynasyp boldy diýip, «Dubai Media Office» metbugat hyzmaty ýazýar.

36 ýaşly Piter Tabaçi Keniýada kyn şertlerde sapak berýär. Onuň mekdebi tebigatyň goýnunda diýseň hem boljak. Elbetde, tebigy ýagdaýlar sapaklaryň üzülmegine getirýär. Muňa garamazdan, şol kyn şertlerden baş alyp çykan mugallym okuwçylarynyň birnäçesiniň iri zehin bäsleşiklerinde ýeňiji bolmagyny gazanypdyr. Ýekeje kompýuter bolan mekdepde 58 okuwçy okaýar.

Dünýäniň iň gowy mugallymynyň gahrymançylyklary munuň bilen hem çäklenmeýär. Ol aýlyk hakynyň hem uly bölegini ýeter-ýetmez maşgalalaryň çagalaryna bagyşlaýar.

Ýeri gelende aýtsak, hindistanly millioner Sanni Warkeýniň haýyr-sahawat gaznasynyň başlangyjy bilen geçirilýän bäsleşik 2015-nji ýyldan bäri uly meşhurlyk gazandy. Şu ýyl bäsleşige 179 döwletden 10 müňden gowrak ýüztutma kabul edildi.