27-nji
sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli BAE-niň Dubaý
şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj Halyfa» binasynyň ýüzi
ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Örän täsirli görnüş beýikligi
828 metrlik binany türkmen gölleri we bäşýyldyzly ýarymaýy şekili bilen öwüşgin
atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dostlugyň we doganlygyň özboluşly
hem-de aýdyň alamaty boldy.
Birleşen Arap
Emirlikleri Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr.
Dürli ugurlarda, şol sanda işewürlik düzümi boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar
netijeli ösdürilýär. Emirligiň işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda
eýeleýän ornuny berkitmäge gyzyklanmasy artýar.
Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty, ýurdumyzda senagatlaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrylan döwrebap senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary we taslamalary bilen baglydyr.