17-nji maýda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew Türkmen
halysynyň baýramy mynasybetli hem-de bu şanly senä gabatlanyp geçiriljek
«Dünýäniň bezegi-türkmen halysy» atly haly önümleriniň halkara sergisine we
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisine görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz dünýäde milli halyçylyk sungatymyzyň üstünliklerini wagyz etmek işinde her ýyl geçirilýän maslahatlaryň ähmiýetini we olaryň eýeleýän möhüm ornuny belläp, şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de öňe ilerletmäge, ýurdumyzyň öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady hem-de bellenen çäreleri örän ýokary derejede guramak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.