milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagy
26.05.2019 713 Habarlar

Hormatly myhmanlar!

Çeper elli mähriban halyçylar!

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu ajaýyp baýram mynasybetli geçirilýän «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Gözelligi we nepisligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungatydyr. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Bu örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän inçe senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, sünnälenip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Türkmen halysy özüniň gözelligi, ýokary hili we kämilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde asyrlarboýy el halylarynyň şöhratyny belende göterip gelýär.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!

Gadyrly halyçylar!

Biziň halylarymyzy içgin synlanyňda, türkmen baharynyň joş urýan köpdürli öwüşginleri, çäge depeleriniň günortanyň jöwzasyndaky lowurdysy, al-elwan güllere beslenen türkmen ýaýlalary, çarwanyň ak öýünde lowlap ýanýan oduň ruhlandyryjy alawy, düýpsüz gök asmandaky ýyldyzlaryň ýalpyldysy, sarç bedewleriň toýnak sesiniň dükürdisi, şemalyň we kenara urulýan tolkunlaryň birsydyrgyn owazy, enäniň hüwdüsi hem-de näzikligi hakynda gürrüň berýän ýaly, geň galdyryjy täsin duýgular kalbyňy galkyndyrýar.

Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet baýdagymyzy bezeýän bäş sany haly göli merdana halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň alamaty bolup, al asmanda parlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak maksady bilen, ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Hormatly halyçylar we halyşynaslar!

Gadyrly myhmanlar!

Häzirki döwürde biz dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary alyp barýarys. Ýurdumyzda dürli ugurdan halkara sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Geçirilýän şu halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisi hem ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen görkezer.

Men bu halkara serginiň öz önümlerini görkezýän, hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň we guramalaryň wekillerine, telekeçilere özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça tejribe we pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmägä ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!

Hormatly myhmanlar!

Gadyrly halyçylar!

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, eli çeper halyçy gelin-gyzlarymyza bolsa, ajaýyp haly eserlerini döredip, täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.