23-nji noýabrda Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý
şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy.
Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri
R.Meredow, şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy
ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň
ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen
Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y.Amanow Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň
açylyşynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça
gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
taryhynda möhum orny eýelejekdigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasyndan soň bu çärä gatnaşan myhmanlar BAE-de Türkmenistanyň Baş konsullygynyň açylyşyna bagyşlanan resmi kabul edilşige gatnaşdylar.