Türkmenistan
bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat
edilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna
laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny
açmak bellenildi.