29-njy maýda geçirilen Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow häzirki döwürde
gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, söwda
toplumynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän
maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň daşary ýurtlarda türkmen halylaryny ýerlemek, şolaryň özboluşly
aýratynlyklaryny, hil derejesini, ekologiýa babatdaky artykmaçlyklaryny dünýäde
giňden wagyz etmek boýunça, şeýle hem daşary ýurtlarda türkmen halylarynyň
söwdasyny guraýan ýöriteleşdirilen dükanlary açmak babatda beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.
Birleşen Arap Emirliklerinde
ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan
kärhana döredildi. BAE-niň Dubaý şäheriniň syýahatçylaryň iň
gelim-gidimli etraby hasaplanylýan çäginde ýerleşýän we meýdany 84 inedördül
metre barabar bolan söwda merkeziniň içinde dükan jaýy kärendä alyndy. Häzirki
döwürde ony milli äheňde bezemek, türkmen halylary, haly önümleri, dokma hem-de
sowgatlyk önümler bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.
Bu kärhananyň
üsti bilen bölek satuwdan başga-da, Türkmenistanyň köp görnüşli eksport
harytlarynyň lomaý söwdasyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Internet-söwdany ýola goýmak maksady bilen, bütindünýä ulgamda iňlis dilindäki sahypa açyldy. Şol birwagtyň özünde türkmen halylaryny Internetiň söwda meýdançalarynda ýerlemek mümkinçilikleri işlenip taýýarlanylýar. Dubaý şäherindäki täze söwda dükanynyň açylyş dabarasyny şu ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde guramak meýilleşdirilýär.